hojjatullyslam Haj Aliakbari:yslam respublikasy düzgüni yslamy uly ynkylabyň netijesidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4956-hojjatullyslam_haj_aliakbari_yslam_respublikasy_düzgüni_yslamy_uly_ynkylabyň_netijesidir
Tehranyň juma namazynyň hatyby Eýranyň yslam respublikasy düzgüni yslamy uly ynkylabdan göz baş alandyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 29, 2019 12:56 Asia/Ashgabat
  • hojjatullyslam Haj Aliakbari:yslam respublikasy düzgüni yslamy uly ynkylabyň netijesidir

Tehranyň juma namazynyň hatyby Eýranyň yslam respublikasy düzgüni yslamy uly ynkylabdan göz baş alandyr diýip nygtady.

hojjatullyslam Muhammetjawad Haj Aliakbari Eýranyň yslam respublika güni bolan Farwardin aýynyň öň ýanynda şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Ymam Homeýni(r.a) hezretleriň nygtaýşylary ýaly ne bir söz zyýat we nebir söz kem bolan Eýranyň yslam respublika düzgüni ikinji ädimde Eýran milletiniň gün tertibinde bolup özüniň ösüş we kemal ýollaryny tapmak üçin bir yham çeşmesi höküminde dünýä milletlerine ýol görkezip biljekdir diýip beýan etdi.

hojjatullyslam Muhammetjawad Haj Aliakbari 12-nji Farwardin güni we Eýranyň yslam respublika düzgüniniň dogulan gününi ykbal kesgitleýji dabaraly günleriň birisi bilip bu güni gutlamak bilen duşmanyň maksady Eýranlylaryň milli yradasyna zarba urmaklykdyr diýip nygtady.

Tehranyň juma namazynyň hatyby yslam ynkylabynyň urny belent ýolbaşçysy tarapyndan ýylyň baş şygarynyň önümiň ruwaçlyk ýyly diýilip yglan bolmagyny milli yradany kuwwatlandyrmak ugurda parasatlylyk bilen ileri sürülen şygar bilmek bilen milli ykdysat duşmanlaryň gadaganlyklaryň we edýän duşmançylykly hereketleriniň öňünde durup biljekdir diýip beýan etdi.