Ruhani:döwlet siliň ýetiren zyýanlarynyň ýerini dolar
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşen Huzestan welaýatyny jihadyň we şehitleriň ülkesi bilip dartgynlylygy kontrol etmekde her bir zatdan ozal ilatyň jan saglygyny goramalydyrys we siliň ilata ýetirýän zyýanlaryny hem döwlet ödär diýip yglan etdi.
şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Huzestan welaýatynyň dartgynlylyklaryny müdirçilik edýän geňeşiniň maslahatynda beren gürrüňlerinde bu welaýatyň ilaty jogapkärleriň arkalaşmaklarynda mydama bu hilli kynçylyklary arka atmagy başarandyrlar diýmek bilen Huzestan welaýatynda döwlet ilata kömek bolar ýaly 300 müň gektar ýeri abatlap milliardlarça dollarlyk taslamalary ýerine ýetirjekdir diýip yglan etdi.
prezident Ruhani şu mahala çenli dünýäde hiç bir ýurt siliň we onuň ýetirýän zyýanlarynyň oňuny alyp başaran däldir diýmek bilen geçen ýyllarda Amerika,Ýewropa we Ýaponiýa ýurtlarynda ýüze çykan siller bu ýurtlara milliardlarça dollar zyýany ýetirendir diýip beýan etdi.