Al-Habib:Sionist basyp alyjylar terrorçylar bilen bir toplumda hereket edýändirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4958-al_habib_sionist_basyp_alyjylar_terrorçylar_bilen_bir_toplumda_hereket_edýändirler
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Ishak Al-Habib terrorizmiň kökleriniň ýok edilmeginiň zerurlygyny nygtap basyp alyjylyk Siriýada görşimiz ýaly Sionistleriň terrorçylary goldamaklaryna sebäp bolşy ýaly terrorçylar bilen basyp alyjylaryň bileleşmeklerine sebäp bolýandyr diýip beýan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Mar 29, 2019 18:53 Asia/Ashgabat
  • Al-Habib:Sionist basyp alyjylar terrorçylar bilen bir toplumda hereket edýändirler

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Ishak Al-Habib terrorizmiň kökleriniň ýok edilmeginiň zerurlygyny nygtap basyp alyjylyk Siriýada görşimiz ýaly Sionistleriň terrorçylary goldamaklaryna sebäp bolşy ýaly terrorçylar bilen basyp alyjylaryň bileleşmeklerine sebäp bolýandyr diýip beýan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Ishak Al-Habib penşene gün ikindin Birleşen Milletler Guramasynyň howpsuzlyk geňeşiniň terrorizme garşy göreşmek mazmuny bilen geçirilen maslahatda beren gürrüňlerinde terrorizm bir jahanlyk howpdyr we oňa garşy göreşmek hemme taraplaýyn bolmalydyr diýip yglan etdi.

Ishak Al-Habib şeýle-de terrorçylaryň hüjümlerinde Eýranda azyndan 17 müň adamyň şehit bolanlygyna yşarat edip Eýranyň terrorizme garşy göreşde berk yrada gulluk edýänligini nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Ishak Al-Habib sözüniň dowamynda nebitden gazanylýan dollarlaryň uly möçberde DAEŞ we aýry terrorçy toparlaryň erkinde goýulmagy käbir ýurtlaryň terrorizme garşy göreşmekde berk yrada gulluk etmeýändiklerini görkezýändir diýdi.