Eýranda 12-nji Farwardin güni dini demokratiýa düzgüniň sütünleriniň berkidilen günidir
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştapy Eýranda yslam respublikasy güni bolan 12-nji Farwardin gününi gadyrlap çykaran beýannamasynda 1-nji Aprel bilen deň gelýän 12-nji Farwardin gününi dini demokratiýa düzgüniň sütünleriniň gaýymlaşan güni bildi.
Eýran ilaty 40 ýyl mundan ozal 1979-nji ýylyň birinji Apreli bilen deň gelýän 1358-nji şamsi ýylyň Farwardin aýynyň 12-synda geçirilen refendoma ägälik bilen gatnaşyp yslam respublikasy düzgüniň Eýranda berkarar bolmagyna ses berdiler.Eýran milleti 12-nji Farwardiniň ses alynşygynda bir dil we bir agyz bolup yslam respublikasy düzgünine ses bermek bilen yslam düşünje esasynda bir dini demokratiýanyň sütünlerini galdyrdylar diýilip Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştapynyň ýanky beýannamasynda getirilýär.Eýran goşuny hem şu gün çykaran beýannamasynda 12 Farwardin gününiň ýetip gelmegini gadyrlap 12-nji Farwardin güni Eýranda azatlyk,garaşsyzlyk we yslam respublikasy diýen şygaryň amalda durmuşa geçen günidir diýip yglan etdi.