Gasemi: Arap bileleşiginiň Tunis-de geçiren maslahaty öňkilerden gowrakdyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Arap Bileleşiginiň başlyklarynyň Tunisde geçiren oturylyşyklarynyň soňynda çykarlan beýannamanyň käbir bölümlerini ýazgarmakdan aýry bu bileleşigiňm basybalynan Golan barada Siriýanyň toprak bitewiligine hemaýat bermegi oňyn we umytlandyryjy iş boldy, elbetde Tramp bilen Sionist režimiň artykmaç isleýjiliklerine garşy göreşilmeginde ýeterli däldir diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Bahram Gasemi, Eýranyň şol oturylyşyga degişli bolýan özgerişleri , anyk gözden geçirendigini aýdyp, Eýran Yslam respublikasynyň, Arap Bileleşigine agza ýurtlaryň köpüsi bilen ýakyn we doganlykly gatnaşyklary bardyr diýdi.
käbir agza ýurtlaryňbaşlyklarynyň Eýran hakda nädogry gürrüňleri bermeklerinden aýry Tunis maslahaty öňkilere görä gowrak bolandyr onuň sebäbi hem Tunis ýurdynyň resmileriniň bu oturylyşygy akyl- paýhasly müdirçilik etmekleridir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüne goşdy.