Eýranda sile uçran ilata ýardama etmäge halkara guramalar taýýarlyk yglan etdiler
Apr 01, 2019 22:15 Asia/Ashgabat
Birleşen Milletler Guramasy we halkara ynsanperwer guramalary şol sanda bütindünýä gyzy haç guramasy Eýranda sile uçran ilata ýardam etmek ugurda Tehran döwleti bilen arkadaşlyk etmäge taýýarlygyny yglan etdiler.
BMG-niň Eýrandaky gullugynyň sazlaşyk bölümi bir sargyt boýunça hadysa uçran ilata ýardam etmäge taýýarlygyny yglan etdiler.
Birleşen Milletler Guramasy şeýle-de hadysa gabat gelen ilatyň gerekliklerini we mätäçliklerini belli etmek üçin ýörite bir topary ibermäge taýýarlygyny nygtap geçdi.
bütindünýä gyzyl haç we gyzyl ýarymaý jemgyýetleri hem şu gün Eýranyň gyzyl ýarymaý jemgyýetine sargyt ýollap Eýranda sile uçranlara her hili kömekleri ýetirmäge taýýardyklaryny yglan etdiler.
Tags