Zarif:Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary ykdysady terrorizmiň açyk mysalydyr
(last modified Tue, 02 Apr 2019 10:49:58 GMT )
Apr 02, 2019 15:49 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary ykdysady terrorizmiň açyk mysalydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň Eýran milletine garşy amala aşýan gadaganlyklaryny ýazgarmak bilen bir wagtda bu gadaganlyklary ykdysady terrorizmiň açyk mysaly hasaplady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda Donald Trampyň Eýrana garşy aňrybaş basyş bermek syýasaty durmuşda dürli sebitleri sile gabat gelip duran Eýranyň gyzyl ýarym aý guramasynyň kömek ýetiriş işleriniň öňünde böwet döretýändir diýip nygtady.

Eýrana satylmagy gadagan edilen enjamlaryň birisi sile uçran ilata kömek ýetirip bilýän dikuçarlaryň satylmagydyr bu bolsa ykdysady uryş bolmakdan aýry ykdysady terrorizmdir diýip Zarif sözüne goşdy.

geçen iki hepdäniň boýunda Eýranyň demirgazyk,günbatar we günorta sebitlerinde güýçli ýagyşlaryň ýagmagy netijesinde siliň ýüze çykmagy jan we mal taýdan köp zyýanlara sebäp bolandyr.

Amerika döwletiniň Eýrana garşy amala aşyrýan gadaganlyklary göni Eýran ilatyny nyşana alýandyr.