Ruhani: Eýran bilen Yragyň köpugurly hyzmatdaşlylary ösdürilýär
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran bilen Yragyň köpugurly hyzmatdaşlylary ösdürilýär diýip nygtady.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä şu gün prezident Hasan Ruani Tehrana resmi sapar bilen gelen Yragyň premýer ministri Adel Abdulmahdi bilen geçiren bilelikdäki habar konferensiýasynda iki ýurdyň taryhy we çuň gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran bilen Yragyň milletleri asyrlaryň dowamynda gowy gatnaşyklaryny saklandyrlar dimek bilen Tehran bilen Bagdad döwletleri özara söwda gatnaşyklarynyň möçberini ýylda 20 milliard dollara ýetirmek barada çäre görendirler diýip yglan etdi.
przident Hasan Ruhani mundan uzal Yraga gurnan saparnyň gidişinde gol çekilen ylalaşyklaryň mala aşyrylmagy barada Adel Abdulmahdi bilen tehranda gürrüň edenligini aýtdy.
Ruhani şeýle-de Tehran bilen bagdad döwletleri sebit meseleleriniň aglabasy barada meňzeş garaýyşa gulluk edýändirler diýmek bilen terrorizme garşy göreşmek baradaky Eýran bilen Yragyň serhet hyzmatdaşlygy hemde neşe açakçylygyna garşy göreşmek ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürljekdirler diiýp beýan etdi.
Yragyň premýer ministri Adel Abdulmahdi hem bu habar konferensiýada eden çykyşynda terrorizme garşy göreşmek ugurda tehran Bagdada kän kömek edendir diýmek bilen Yrak döwleti Eýran bilen köpugurly gatnaşyklarynyösdürmäge ykjamdyr diiýp nygtap geçdi.