Ruhani:Sepah Pasdaran güýji sebitde terrorizme garşy göreşiň öň hatarynda ýerleşendir
(last modified Wed, 10 Apr 2019 12:39:23 GMT )
Apr 10, 2019 17:39 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Sepah Pasdaran güýji sebitde terrorizme garşy göreşiň öň hatarynda ýerleşendir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýji sebitiň erkinliginiň goragçysy we terrorizme garşy göreşiň öň hatarynda ýerleşen güýçdir diýdi.

Amerika döwleti geçen duşenbe güni Eýrana garşy duşmançylykly hereketleriniň dowamynda Eýranyň sepah pasdaran güýjüni hamala terrorçy guramalaryň listesinde ýerleşdirdi.

Yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani yslam ynkylabynyň pasdarlar sepah güýjüniň adyny terrorçy guramalaryň listesinde ýerleşdirmek barada Amerika döwletiniň eden işini bir syýasy we propagandalyk iş bildi.

Eýranyň döwlet baştutany şu gün döwlet toparyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerika döwleti geçen 40 ýyllykda mydama Eýranyň we sepah pasdaranyň tersine bu hilli işleri amala aşyrandyr bu gün hem Amerikalylar bu meselede amalda bir hereketi etseler onuň nähili ýaramaz iz gelimleriniň boljakdygyny bilýändirler oňa görä güman etmeýän olar amalda bir hereket edip bilsinler diýip beýan etdi.

prezident Ruhani Amerikanyň bu işiniň maksadyny Eýran milletine ruhy we ykdysady taýdan basyş bermeklik bilip Amerikalylar bu hili işler bilen Eýran milleti bilen sebit milletleriniň arasyny aşjak bolýandyrlar emma sebit milletleri Amerikanyň bu hili işlerine üns bermezler diýip sözüne goşdy.

Ruhani Siriýanyň basylyp alynan Gallant beýiklikleriniň eýeçiligini Sionist režimine geçirmek hem-de Eýranyň sepah pasdaran güýjüni terrorçy guramalaryň listesinde ýerleşdirmek barada Amerikanyň ýola beren nadanlykly işlerini basyp alyjy jenaýatkär Sionistlere hemaýat bermek ugurda ýola berilen işler bilip Eýranyň sepah pasdarlar güýji sebitde terrorizme garşy göreşiň baýdakdarydyr we sebitde azatlykdan arka çykýan güýçdir diýdi.