Zarif:Amerikanyň sepah güýjüne garşy nadanlykly işi Eýranda jebisligi güýçlendirendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5014-zarif_amerikanyň_sepah_güýjüne_garşy_nadanlykly_işi_eýranda_jebisligi_güýçlendirendir
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüne garşy Amerikalylaryň nadanlyk ýüzünden ýola beren işleri Eýranda jebisligiň we agzybirligiň artmagyna sebäp bolandyr diýip ynam bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 10, 2019 13:35 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerikanyň sepah güýjüne garşy nadanlykly işi Eýranda jebisligi güýçlendirendir

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüne garşy Amerikalylaryň nadanlyk ýüzünden ýola beren işleri Eýranda jebisligiň we agzybirligiň artmagyna sebäp bolandyr diýip ynam bildirdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň ýokary derejeli serkerdeleri bilen geçiren duşuşygyndan soňra beren gürrüňlerinde Amerikalylaryň ýola beren bu nadanlykly we gülkünç işleri olaryň sebitde ugurlarynyň çaşandygyny mälim edýändir diýip beýan etdi.

Zarif şeýle-de sepah pasdaran güýji sebitde mazlumlardan arka çykmakda öň hatarda hereket edýän güýçdir diýmek bilen sepah güýçleriniň şu hili öň hatarda hereket edmegide Amerikaly resmileri gazaba çykarandyr diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşi hem Amerikanyň ýaňky hereketiniň garşysynda Aziýanyň günbataryndaky Amerikaly güýçleri we olara degişli beýleki güýçleri terrorçy güýçler diýip yglan etdi.