Zarif:Gazagystan Eýranyň gowy dostydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5016-zarif_gazagystan_eýranyň_gowy_dostydyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Gazagystany Eýran Yslam Respublikasynyň ynamly we gowy dosty hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 10, 2019 17:39 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Gazagystan Eýranyň gowy dostydyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Gazagystany Eýran Yslam Respublikasynyň ynamly we gowy dosty hasaplady.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehranda Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Muhtar Tleuberdi bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýüzüni ösüşe bakan bildi.

bu duşuşykda Muhtar Tleuberdi hem Eýrany sebitiň bir möhüm ýurdy hasaplamak bilen bir wagtda öz ýurdunyň Eýran bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmekçidigini aýtdy.

bu duşuşykda taraplar şeýle-de halkara,sebit we iki taraplaýyn meseleler hakynda,Hazaryň hukuk düzgüni barada şeýle-de Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklarynyň howplary barada gürrüň etdiler.