Mowahedi Kermani:Amerikanyň Sepah Pasdaranyň tersine ýola beren işi halkara kanunlara garşydyr
(last modified Fri, 12 Apr 2019 13:15:26 GMT )
Apr 12, 2019 18:15 Asia/Ashgabat
  • Mowahedi Kermani:Amerikanyň Sepah Pasdaranyň tersine ýola beren işi halkara kanunlara garşydyr

Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatullah Muhammetali Mowahedi Kermani bir ýurduň güýji bolýan yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň tersine Amerika döwletiniň ýola beren duşmançylykly we nadanlykly işine yşarat edip bu iş halkara kanunlara garşy gelýändir diýip yglan etdi.

Tehranyň şu günki juma namazynyň hutbalarynda Psdarlar Sepah güýjüniň egin eşigini geýinip gürrüň beren Aýatullah Muhammetali Mowahedi Kermani yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň adyny hamala terrorçy toparlaryň listesinde ýerleşdirmek barada Amerika döwletiniň tutan tutumyny ýazgaryp Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň bu işi Aziýanyň günbatarynda ýagdaýyň çylşyrymlaşmagyna sebäp boljakdyr diýip nygtady.

Aýatullah Muhammetali Mowahedi Kermani hemmeler terrorizmiň ojagynyň Amerika döwletidigini bilýändirler diýmek bilen bütin dünýä köpçüliginiň sepah pasdaranyň tersine Amerikanyň tutan tutumy bilen tersleşmekleri bu meselede hem Waşingtonyň ýeňiljekdigini görkezýändir diýip ynam bildirdi.

Tehranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Amerika döwletiniň yslam ynkylabynyň pasdarlar sepasyndan gaharda bolmagynyň delillerine yşarat edip sepah güýji Amerikanyň terbiýelän terrorçylaryny ýeňip Waşingtonyň sebitde yzarlaýan syýasatlarynyň durmuşa geçmegine böwet boldy bu mesele bolsa Amerika döwletiniň gaharda bolmagyna sebäp bolandyr diýip beýan etdi.

Aýatullah Muhammetali Mowahedi Kermani sözüniň dowamynda yslam ynkylabyny goramakda sepah pasdaran güýjüniň duşmanlaryň garşysynda berk gala ýaly duranlygyna yşarat edip sepah özüniň raketalary bilen her mahal islese Tel-Awiwi ýer bilen ýegsan edip biler diýip belläp geçdi.

ýene bir habar boýunça şu gün Eýranyň boýdan başynda juma namazy okalany soň ilat Amerika döwletiniň sepah pasdaran güýji barada tutan tutumyny ýazgaryp özleriniň yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjünden berk arka çykýandyklaryny yglan etdiler.