Eýran bilen Italiýa iki taraplaýyn arkalaşyklaryň ösdürülmegini nygtadylar
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani bilen Italiýanyň senat mejlisiniň daşary syýasat komissiýasynyň başlygy dürli bölümlerde iki ýurduň arkalaşyklarynyň ösdürülmegini nygtadylar.
şu gün Ali Larijani Tehranda Wito Petroçelli bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy Italiýa ýurduna hoş niýetli garaýandyr we özüniň bu ýurt bilen saklaýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegini garşy alýandyr diýip yglan etdi.
Larijani şeýle-de Aziýanyň günbatarynyň parahatçylygyna Italiýanyň üns bermegini gowy iş bilmek bilen sebitiň dartgynlyklyklaryna söhbetdeşlik arkaly çäre görmegini nygtady.
bu duşuşykda Italiýaly resmi Wito Petroçelli hem öz ýurdunyň Eýran bilen saklaýan gatnaşyklaryna ýörite baha berýänligine yşarat edip Rom döwleti Tehran döwleti bilen dürli ugurlarda saklaýan arkalaşyklary gowy garşy alandyr diýip yglan etdi.
ol Amerika döwletiniň Eýranyň nebitine garşy ýola beren gadaganlyklaryna salgylanyp Amerika döwleti 8 ýurduň şol sanda Italiýanyň Eýrandan nebit satyn almagyna wagtlaýyn ýoly açyp goýandyr emma bu mesele ýeterlik däldir diýip beýan etdi.