Mosawi: Pompeonyň toslamasy gülkünçdir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi, Eýranyň Wenezuelanyň içeri işlerine gatyşýanlygy barada Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeonyň aýdan toslamasyny gülkünç bilip ony garalady.
Mosawi sözüniň dowamynda Trampyň Amerikasy 19-njy asyr ýaly Latin Amerikany özüniň dynç alýan mekany etjek bolýar, emma dünýäniň we Latin Amerikanyň milletleri oýanandyrlar we zamana indi yza dolanjak däldir diýdi.
Wenezuela döwletiniň islegi boýunça Eýranly inženerleriň, Wenezuelanyň suw elektrik kynçylyklarynynyň çözülmegine kömek edip duran mahalynda Amerika, Wenezuelanyň walýuta zapasynyň 30 milliard dollaryny talap bu ýurdyň milletine ykdysady basyşlaryny berýändir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi sözüne goşdy.