Mertebesi belent Ýolbaşçy: käbir musulman ýurtlaryň başlyklary Amerika bilen Sionistleriň nökerleridirler
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali hameneýi Hezretleri şu gün gurhan kerimiň halkara ýaryşlaryna gatnaşan adamlaryň duşuşygynda beren gürrüňlerinde käbir musulman ýurtlaryň başlyklary gurhanyň buýruklaryna amal etmeýärler we Amerika bilen Sionistleriň nökerleridirler diýdiler.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali hameneýi Hezretleri bu duşuşykda gurhana amal etmekligiň dünýäde abraý, asudalyk, ösüş, gudrat, ýürekdeşlik we gowy ýaşamaklyga we ahyratda hem bagtyýar bolmaklyga şert döredýändigini nygtap, käbir musulman ýurtlaryň başlyklarynyň agzala bolup Siriýa we ýemen ýaly ýurtlarda uruş turmagyna we musulmanlaryň gyrana berilmegine sebäp bolandyklaryny ýatlara berdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali hameneýi Hezretleri, yslam ymmatyň we dam oglynyň kynçylyklarynyň köpüsiniň , gurhan dessurlaryna amal etmeýändikleriniň netijesidigini nygtap bu günki gün hudaý tagalanyň merhemeti bilen yslam respublikasynda ilatyň ylaýtada ýaşlaryň gurhan dessurlaryn üns bermegi gün geçdigiçe köpelýär, şýle halda gurhana sygynmaklyk, yslam düzgüniň bagtyýar, gudratly we abraýly bolmagyna sebäp boljakdyr diýip sözlerine goşdylar.