Mosawi: Amerikanyň durkynyň üýtgemegi bütindünýä islegine dönendir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi Amerikanyň daşary işler ministrniň Eýrana garşy gürrüňlerine gaýtawul bermekde Amerikanyň durkynyň üýtgemegi halkara köpçüliginiň, Waşingtona görkezýän garşylyklarynyň köpelmegi babatly bütindünýä islegine öwürlendir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi, Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeonyň bu ýurdyň Tekzas ştadynyň I&M ýokary okuw jaýynda ýene bir gezek Eýranyň terrorizme goldaw bermekde we sebitdir dünýäde başbozarlyk etmekde aýyplamagyna gaýtawul berip zamanyň geçdigiçe, Amerikanyň durmuşky režiminiň başlyklary bu ýurdyň öňki adamlaryndan gowrak we köpräk öz pikirlerini belli edýärler we Eýranyň edýän işleriniň üýtgemegi baradaky gürrüňlerini düzgüniň üýtgemegine öwürip indi hem Eýranyň durkynyňüýtgemegini isleýärler diýdi.
Amerikanyň dürli jenaýatlary babatly bu ýurdyň hut özüniň durky üýtgemelidir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi sözüne goşdy.