Zarif Türkiýäniň prezidenti bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5065-zarif_türkiýäniň_prezidenti_bilen_duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şu gün Ankarada duşuşyp gürrüň etdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 17, 2019 13:44 Asia/Ashgabat
  • Zarif Türkiýäniň prezidenti bilen duşuşdy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şu gün Ankarada duşuşyp gürrüň etdiler.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu duşuşykda Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryny we Sepah Pasdarany terrorçy toparlar listesine goşmak baradaky hereketlerini ýazgarmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini we iki ýurdyň arasyndaky ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyny nygtap geçdiler.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu duşuşykda şeýle-de Siriýanyň, Ýemeniň we Afrikanyň Demirgazygynyň soňky ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

 Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu duşuşykda soňky wagtlarda Eýranda ýüze çykan sil babatly gynanjyny beýan edip bu hadysada gurban bolan adamlaryň dogan garyndaşlaryna duýgydaşlygyny bildirdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif mundan ozal türk kärdeşi Möwlüt çawuş ogly bilen hem duşuşyp gürrüň edipdi.