serleşger Jafari: Sepah Pasdaran bilen goşunyň ýürekdeşlikleri duşmanlary gazaba çykardy
Eýranyň yslam Ynkylabynyň Pasdarlar Sepasynyň baş sekresi Sepah Pasdaran bilen goşunyň birleşikde bolup ýürekdeş bolmaklaryny, duşmanlaryň gazaba çykmaklarynyň sebäbi bildi.
serdar serleşger Muhammet Ali jafari goşunyň güni mynasybetli Eýran goşunyň baş serkerdesi emir serleşger Seýed Abdolrahim Mosawi bilen geçiren duşuşygynda goşun bilen Sepah Pasdaranyň dogan bolup birleşmekleri we ýürekdeş bolmaklary bu günki gün aňrybaşna ýetendir diýdi.
duşmanyň gazaba çykmagyna we umytsyz bolmagyna sebäp bolýan şeýle birleşik we ýürekdeşlik günbe gün artýar diýip serleşger jafari sözlerine goşdy.
Eýran goşunynyň baş serkerdesi emir serleşger Seýed Abdolrahim Mosawi hem Amerika bilen bütindünýä imperializmiň Sepah Pasdarana garşy akmaklyk işlerine yşarat edip goşun bilen Sepah Pasdaran Eýranyň milletini ynkylabyň arzyly maksatlaryny we Yslam respublikasy düzgünini goramaklary üçin hemişe el-ele berýändirler diýdi.