Eýran bilen Pakistanyň mejlis başlyklary telefon arkaly gürrüň etdiler
Pakistanyň premýer ministri Omran hanyň Eýran saparynyň öň syrasynda iki ýurduň daşary işler ministrleri iki taraplaýyn möhüm meseleler barada telefon arkaly gürrüň etdiler.
Pakistanyň premýer ministri Omran Han Eýranyň resmi çakylygy bilen iki günlük saparyň galybynda ýekşenbe güni Tehrana gelýär.
Eýran bilen Pakistanyň daşary işler ministrleri Muhammet Jawad Zarif bilen Şah Mahmut Goreýşi ýaňky telefon arkaly söhbetdeşlikde dürli meseleler şol sanda terrorizme garşy göreşde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklar hakynda gürrüň etdiler.
bu söhbetdeşlikde Eýranyň daşary işler ministri Zarif geçen penşenbe güni Pakistanda ýüze çykan terrorçylykly hereketi ýazgaryp Pakistanyň milleti we döwleti bilen duýgydaşlyk bildirdi.
geçen penşenbe güni ýaragly adamlar Pakistanyň Beluçestan welaýatynda bir awto bosa hüjüm edip onuň içindäki 14 adamy öldürdiler.