prezident Ruhani Eýranyň günbatarynda silden zyýan gören sebitleri ýakyndan gördi
yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Eýranyň günbatarynda ýerleşen silden zyýan gören Lorestan welaýatyna baryň siliň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek ugurynda hemmeleriň tagalla etmeklerini nygtady.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün Lorestan welaýatynyň dartgynlylyklaryny müdirçilik edýän geňeşiniň maslahatyna gatnaşmakdan soň bu welaýatyň silden zyýan gören etrapy dimek Pol Dohtar etrapyna baryp siliň ýetiren zyýanlaryny ýakyndan synlap gördi.
şonda Pol Dohtar etrapynyň ilaty siliň öňüni almakda we siliň ýetiren zyýanlaryny azaltmakda hem-de zyýan gören ilata kömek bermekde döwletiň,ýaragly güýçleriň we beýleki jogapkär organlaryň çeken zähmetlerinden gadyrdanlyk etdiler we prezident Ruhani hem siliň döreden kynçylyklaryny ilatyň başyndan sowmak barada bir näçe görkezmäni jogapkärlere berdi.