prezident Ruhani Pakistanyň premýer ministrni resmi tärde garşy aldy
Eýran yslam respublikasynyň prezidenti şu gün Tehranyň Saadabad medeni we taryhy köşkinde Pakistanyň premýer ministrini resmi tärde garşy aldy.
bu resmi garşy alyş dabarasyndan soňra Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani bilen Pakistanyň premýer ministri Imran Han iki taraplaýyn gepleşiklere girişdiler.
köp ugurlarda şol sanda syýasy,ykdysady we medeni ugurlarda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklary ösdürmek preziden Ruhani bilen Imran Hanyň gepleşikleriniň käbir özenlerini ybaratlaýar.bu gepleşiklerden soň iki ýurduň döwlet baştutanlary habar konferensiýa gatnaşdylar.
Eýranyň döwlet baştutany bu habar konferensiýada beren gürrüňlerinde Eýranyň Pakistanyň gerek nebitini we gazyny üpjün etmäge taýýardygyny nygtamak bilen iki ýurduň bilelikdäki serhetlerinde terrorizme garşy göreşmek üçin tiz gaýtawul görkezýän güýjüň döredilmegi barada ylalaşygyň hasyl bolandygyny yglan etdi.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Imran Han bilen iki taraplaýyn we sebitleýin meseleler barada gürrüň edendigine hem-de Tehran Yslamabat bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdygyna yşarat edip hiç bir ýurt iki ýurduň gowy gatnaşyklaryna tersin täsiri galdyryp başarmaz diýdi.
bu habar konferensiýada Pakistanyň premýer ministri Imram Han hem Pakistan bilen Eýranyň gowy we ýygy gatnaşyklaryna salgylanyp Eýran bilen Pakistan sebitiň durnuklylygynda we parahatçylygynda täsirli rola eýedirler diýip beýan etmek bilen Yslamabat bilen Tehranyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isledi.