Zarif:gadaganlyklar Eýranyň alyp barýan syýasatlaryny üýtgedip başarmaz
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif gadaganlyklaryň we basyşlaryň täsirinde Eýran Yslam Respublikasynyň syýasatlary üýtgäp ýörmez diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Nýu-Ýorkyň Aziýalyk jemgyýetiniň maslahatynda dünýä ýurtlary barada Amerikanyň alyp barýan iki ýüzli syýasatlaryna tankyt bildirmek bilen Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygy ýaly halkara ylalaşyklardan çykmagy dünýä ýurtlarynyň Amerika bolan ynamlarynyň aýyrylmagyna sebäp bolandyr diýip nygtady.
Zarif sözüniň dowamynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soň Ýewropalylaryň bu halkara ylalaşykda hasyl bolan wadalarynda tapylmandyklaryna yşarat edip INSTEX düzümi Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny saklamak üçin Ýewropalylaryň beren wadalarynyň ilkinji şertidir diýmek bilen Eýranyň onuň amala aşmagyna garaşýanlygyny nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şeýle-de Hormoz bogazynyň baglanmagy barada gürrüň gozgap Pars aýlagy dünýäniň jan damarydyr emma bu bogaz Eýranyň milli bähbitleri üpjün bolýan zamanyna çenli açyk galjakdyr diýdi.
Zarif sözüniň dowamynda Eýranyň nebit eksportynyň öňüni almak ugurdaky Amerikanyň tagallalaryna yşarat edip Eýran öz nebitini satmagy dowam eder sebäbi Eýranyň nebitiniň müşterileri bardyr diýip beýan etdi.