Zarif: Trampyň Eýrana garşy syýasatlary şowuna bolmaz
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň Fox news tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde , Amerikanyň Eýrana berýän agramlaryny aňry baş güýçlendirmek barada bu ýurdyň prezidenti Donald Trampyň alyp barýan işleri şowuna bolmaz diýip nygtady.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifbu söhbetdeşlikde Ak Tamyň howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton. Arap Emirlikleri, Arabystan we sionist režimi Eýranyň Yslam häkimiýetini ýykmagyň yzynda tagalla edýändirler diýmek bilen Arap Emirlikleriň miras düşeri Bin Zaid, Arabystanyň miras düşeri Bin Salman, Sionist režimiň premýer ministri Benýamin Netanýahu we Ak Tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltondan ybarat B timi Amerikany Eýran bilen uruşmaklyga tarap äkitjek bolup tagalla edýändirler diiýp yglan etdi.