Zarif: Eýran, Amerika bilen gepleşik geçirmegi teklip eden däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5132-zarif_eýran_amerika_bilen_gepleşik_geçirmegi_teklip_eden_däldir
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif şenbe güni Amerikanyň CBS tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Tehran döwleti Waşington bilen gepleşik geçirmegi teklip eden däldir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 28, 2019 05:37 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Eýran, Amerika bilen gepleşik geçirmegi teklip eden däldir

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif şenbe güni Amerikanyň CBS tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Tehran döwleti Waşington bilen gepleşik geçirmegi teklip eden däldir diýdi.

Eýran sentýabr aýynda Trampyň döwleti bilen gepleşik gerimegi teklip edendir diýip Amerikanyň CBS  tele ýaýlymynyň alypbaryjysynyň toslamasynyň jogabynda Eýran, Amerika bilen gepleşik geçirmegi teklip eden däldir belkide onuň teklibine jogap berendir we indi hem Waşingtonyň jogabyna garaşyp oturandyrys diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif sözüniň ýene bir bölüminde Eýran bilen Amerikanyň arasynda bendileriň çalşylmagy barada hem bu iş mundan ozal hem iki ýurdyň arasynda bolandyr we ýenede hem bu işi etseň bolýar diýip nygtady.

Eýran yslam respublikasy mydama ygrarynda durandyr ýöne Amerika ygraryndan dänýändir diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif sözüne goşdy.