Mertebesi Belent Ýolbaşçysy:millet agzybir bolsa, duşmanyň hileleri onuň öz zyýanyna gutarar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5164-mertebesi_belent_Ýolbaşçysy_millet_agzybir_bolsa_duşmanyň_hileleri_onuň_öz_zyýanyna_gutarar
Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şu gün mugallym gününiň bosagasynda Eýranyň boýdan başyndan gelen mugallymlaryň müňlerçesiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde millet agzybir bolsa uşmanyň hileleri onuň öz zyýanyna gutarar diýip nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 01, 2019 15:47 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçysy:millet agzybir bolsa, duşmanyň hileleri onuň öz zyýanyna gutarar

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şu gün mugallym gününiň bosagasynda Eýranyň boýdan başyndan gelen mugallymlaryň müňlerçesiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde millet agzybir bolsa uşmanyň hileleri onuň öz zyýanyna gutarar diýip nygtadylar.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri bu duşuşykda duşmanyň uruş üçin hatarlanyşmagyna we onuň ykdysady, syýasy, maglumatlar we internet örisinde yzarlaýan işlerine we bizgynçylykly hereketlerine yşarat edip Amerika we sionizm bütin ýerliklerde Eýrana garşy maksatnama düzüp durandyrlar elbetde bu mesle diňe Amerikanyň häzirki döwletine hem çäkli däldir diýip beýan etdiler.

duşmanyň uruş üçin hatarlanyşmagynyň garşysynda Eýran milleti hem uruş düzgünine girmelidir we bütin jogapkärler milletiň dürli gatlaklary we bir ýerlikde başarjaň bolan görnükli şahsyýetler taýýarlyk we jogapkärçilik bilen meýdana gelmelidirler diiýp Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri aýtdylar.

duşman görme-göze uruş üçin nyzama düzülen däldir şondan gelende biziň harbylarymyzyň ünsleri jem bolmalydyr diýip Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözlerine goşdylar.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri 2030 senedine we günbatar döwletleriň bu senedi ýurtlara şol sanda musulman ýurtlara we Eýrana töňkemek ugurda äşgär we ýaşryn şekillerde berýän basyşlaryna yşarat etmek bilen 2030 senediň maksady ýurtlaryň bilim düzgünini günbataryň medeniýeti esasynda düzmeklikdir we çagalara we ýetginjeklere günbataryň usullaryna laýyklykda ýaşaýşy tälim bermeklikdir diýip ynam bildirdiler.