Seyd Abbas Musawi Bahreýnyň daşary işler ministrniň esassyz sözlerine gaýtawul berdi
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seyed Abbas Musawi öten agşam Bahreýnyň daşary işler ministrni Halid Bin Ahmet Bin Al-Halypanyň Eýranyň tersine aýdan puç sözleriniň gaýtawulynda oňa we bu ýurduň beýleki resmilerine garap özüňizden güýçliräge haýbat atmakda öz çeniňizi biliň diýip tabşyrdy.
soňky günlerde Bahreýnyň daşary işler ministrni Halid Bin Ahmet Bin Al-Halyp Arabystanyň Al-Şark Al-Osat gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde egerde Eýran Hormoz bogazyny baglasa özüni bogdygy höküminde bolar diýip toslady.
Seyd Abbas Musawi Bahreýnyň daşary işler ministrni Halid Bin Ahmet Bin Al-Halypa garap sen Eýran hakda pikir bermäge heniz gaty ejizsiň diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasy Hormoz bogazyna dünýäniň energiýa tranzit ýoly höküminde garaýandyr we Eýranyň milletiniň bähbitleri üpjün bolýan mahalyna çenli onuň goralmagyna aýak direýändir diýip Musawi sözlerine goşdy.
şol bir wagtda Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýn Amir Abdollahiýan hem Bahreýnyň daşary işler ministrniň sözlerini ýazgarp Halid Bin Ahmet Bin Al-Halypa sebitde Sionist režiminiň metbugat wekiline dönendir diýip nygtady.