Aragçy:Eýranyň parahatçylykly ýadro işleriniň bir bölümi ýaňadan ýola goýular
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seyed Abbas Aragçy Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan kenara çekilip Ýewropalylaryň öz ykrarlarynda tapylmazlygynyň gaýtawulynda Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň çarçuwasynda özüniň ýatyran ýadro işleriniň bir bölümini gaýtadan ýola goýar diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seyed Abbas Aragçy Eýran ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyndan çykmakçy däldir dimek bilen Eýranyň bu işleri ýadro ylalaşygyň 36-nji maddasynyň çygyryndaky meseleleri öz içine alar we şonuň esasynda öz jogapkärçilikleriniň käbir taraplaryny azaldar diýdi.
ýadro ylalaşygyň 36-nji maddasy esasynda Eýran gadaganlyklar gaýtadan ýola berilen ýagdaýynda käbir jogapkärçiliklerini azaldyp başarýandyr.
Seyed Abbas Aragçy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan kenara çekilip Ýewropalylaryň öz ykrarlarynda tapylmazlygynyň gaýtawulynda amala aşyrjak işlerini geljek çarşenbe güni 8-nji Maýda yglan etjekdir diýdi.