Falahatpişe: Eýran özüniň gerek ýadro ýangyjyny öndürmegiň yzyndadyr
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe Eýran Yslam respublikasy ýadro ylalaşygyň potensiallaryndan peýdalanyp gerek ýadro ýangyjyny öndürmek üçin içerki ýörite çäresini yzarlaýar diýip yglan etdi.
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe Amerikanyň duşmançylykly hereketleriniň garşysynda Eýran Yslam respublikasynyň pozisiýasyna yşarat edip Eýran özüniň garşylykly syýasatyny ileri tutýar we ýurdyň jogapkärleri hem ony goldaýarlar diýip nygtady.
Eýran ýadro ylalaşygyndan we NPT şertnamasyndan çykmagyň yzynda däldir diýmek ýadro ylalaşygynda ygrarynda durmaýan taraplar barada çäreler nazara alynandyr diýip beýan etdi.