Ruhani:Eýran özüniň baýlaşdyran uranyny daşary ýurtlara satmak işini togtatýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5205-ruhani_eýran_özüniň_baýlaşdyran_uranyny_daşary_ýurtlara_satmak_işini_togtatýar
Eýran özüniň baýlaşdyran uranyny we agyr suwuny 60 günläp daşary ýurtlara satmak işini togtadar diýip Yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 08, 2019 12:26 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran özüniň baýlaşdyran uranyny daşary ýurtlara satmak işini togtatýar

Eýran özüniň baýlaşdyran uranyny we agyr suwuny 60 günläp daşary ýurtlara satmak işini togtadar diýip Yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani aýtdy.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün Maý aýyň 8-de Amerika döwletiniň ýadro ylalaşygyndan çykyp Birleşen Milletler Guramanyň 2231-nji karar hatyny aýak aşaga salmagynyň ýyl dönüminde Eýran baýlaşdyran uranyny we agyr suwuny indiden soň satmaz diýip ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna agza ýurtlara yglan etdi.

ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna agza ýurtlara dimek Britaniýa,Fransiýa,Germaniýa,Hytaý we Orsýet ýurtlaryna bu ylalaşykdaky Eýran milletiniň bähbitlerini üpjün etmek ugurda söhbetdeşlik stolyň başyna dolanmaklary üçin 60 gün möhlet berýäris egerde olar biziň bähbitlerimize kepil geçmeseler öňki döwüre dolanarys ýogsa 60 günden soň ýadro meselesinde öz ýatyran işlerimiziň ýene ikisini başlarys diýip prezident Ruhani aýtdy.ýadro ylalaşygy esasynda Eýran özüniň baýlaşdyrýan uranyny ýüze 3 bütin ýüzden 67 derejede baýlaşdyrmak barada ylalaşypdy emma indi Eýran özüniň baýlaşdyran uranyny bu derejede saklamaz we gerekli bilse ýokarrak derejelerde hem baýlaşdyrar Arakyň agyr suw reaktorynyň işi barada hem 60 günden soň tutum tutarys we gerek bolsa ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan ozalky döwüre dolanyp bu reaktory kämil ederis diýip prezident Hasan Ruhani aýtdy.

egerde ýadro ylalaşygndaky 5 ýurt Eýranyň bu günki işini bahanalap Eýranyň dosýesini howpsuzlyk geňeşine gowşurjak bolsalar Eýranyň berk gaýtawulyna gabat gelerler diýip Ruhani duýduryş berdi.

Eýran hiç haçan uruşy başlan däldir emma hergiz zora boýun bolmaz diýip Eýranyň döwlet baştutany nygtady.