Ruhani:duşmana boýun bolmaklyk Eýranlylaryň dinine we medeniýetine ýaraşmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5225-ruhani_duşmana_boýun_bolmaklyk_eýranlylaryň_dinine_we_medeniýetine_ýaraşmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani duşmanlaryň Eýrana berýän ykdysady we syýasy basyşlaryna yşarat edip Eýran milleti hiç haçan basyşlara boýun egen däldir we indiden soň hem egmezler diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 12, 2019 12:47 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:duşmana boýun bolmaklyk Eýranlylaryň dinine we medeniýetine ýaraşmaz

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani duşmanlaryň Eýrana berýän ykdysady we syýasy basyşlaryna yşarat edip Eýran milleti hiç haçan basyşlara boýun egen däldir we indiden soň hem egmezler diýip nygtady.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani öten agşam Eýranyň syýasy aktiwistleriniň bir topary bilen geçiren duşuşygynda duşmana boýun bolmaklyk Eýranlylaryň dinine we medeniýetine ýaraşmaz diýip beýan etdi.

prezident Ruhani mundan ozal beren gürrüňlerinde hem Eýran milletiniň ezijileriň we zor aýdyjylaryň garşysynda hergiz başyny egmejekdigini we yradalar söweşinde Amerikany ýeňjekdigini aýdypdy.

Amerika döwleti ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykany soň Eýrany özüne boýun etmek üçin özüniň berýän basyşlaryny artdyrandyr diýip preziden Ruhani aýtdy.