Falahatpişe:Amerika Eýrana garşy ruhy uruşy ýola goýup durandyr
Eýranyň parlamentiniň daşary syýasat we milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe Amerikanyň Eýran baradaky strategiýasynyň maksadyny Eýrana garşy ruhy uruşy güýçlendirmeklik bildi.
şu gün Eýranyň parlamentiniň daşary syýasat we milli howpsuzlyk komisiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe mejlisiň açyk maslahatynyň ýanynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen gepleşik geçirmäge taýýarlyk bildirmegine yşarat edip Amerika bilen gepleşik geçirmegiň özüne görä şertleri bardyr Eýran yslam ynkylabynyň üstünliginden soň bir sapar ýadro meselesinde Amerika bilen çynlakaý suratda gepleşige girişendir emma bu gepleşigiň Amerikanyň ondan bir taraplaýyn çykmagyndan başga netijesi bolan däldir diýip beýan etdi.
Eýranlylar öz zyýanlaryna boljak gepleşiklere girişmezler diýip Falahatpişe sözüne goşdy.