Ruhani:Eýran kesekileriň haýbat ataryndan güýçliräkdir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti düýn ikindin Eýranyň boýdan başyndan ýygnanşan ähli sünnet ulamalaryň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy we Eýran milleti kesekileriň haýbat ataryndan güýçliräkdir diýip nygtady.
prezident Hasan Ruhani durmuşda duşmanyň dürli haýbat atmalaryna gabat gelip durandyrys diýmek bilen baş ýokarylyk bilen duşmanlary ýeňip bu agyr tapgyry başdan geçireris diýip yglan etdi.
Ruhani şeýle-de ynkylabyň dürli sahnalarynda Eýranyň ähli sünnetiniň aktiw huzurly bolandygyna yşarat etmek bilen Eýranyň ähli sünneti dürli sahnalarda şol sanda saýlowlarda ýaýbaň suratda huzurly bolmak bilen özleriniň wekillerini saýlandyrlar diýip ynam bildirdi.
Eýranyň yslam ynkylaby belli bir mezhebe has däldir we Eýran ilaty bütin mezheplerden yslam ynkylabynyň we ýurduň asly eýeleridirler diýip prezident Hasan Ruhani aýtdy.