Ruhani: Eýranyň uly milletini Amerika dyza çökerdip başarmaz
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sişenbe güni ikindin ýurdyň jogapkärleriniň we işgärleriniň mertebesi belent ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýranyň uly milletini Amerika dyza çökerdip başarmaz diýdi.
prezident Hasan Ruhani Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryna we basyşlaryna yşarat edip Amerikalylar ýalňyş düşünje esasynda birnäçe aýyň içinde Eýran milletini ýeňip başarmyka diýip gümän etdiler we bu mesele üçin gün bellediler emma Eýran milleti çydamlylyk we durumlylyk bilen Eýran Yslam respublikasynyň taryhynda altyn günleri we sagatlary döretdiler diýip nygtap geçdi.
Ruhani sözüniň dowamynda Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysy, millet, döwlet we mejlis duşmanyň şowsuzlyga uçramagyna sebäp boldylar diýmek bilen durmuşda hem duşman zoryň we hiläniň yzyndadyr , ertir bilen harby gämisini iberýär we agşam telefon momerni berýär , elbetde Eýranlylar olardan kän telefon nomerleri bar we Amerikalylaryň Eýran milletine garşy jenaýat eden güni olaryň hakyky telefon nomeridir diiýp beýan etdi.