Ruhani: Eýran milleti guldurlaryň garşysynda başyny egmez
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň ösüşini ýurdyň bütin kowmyýetleriniň we zlyklarynyň birleşiginiň netijesi hasaplamak bilen Eýran milleti guldurlaryň garşysynda başyny egmez diýip yglan etdi.
şu gün prezident Ruhani Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň birnäçe taslamasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Eýran milletiniň gudraty şeýle bir ýokarydyr welin duşmanlar haýbat atmagyndan puşmana gelip uruşyň yzynda däldiklerini yglan edendirler diýip nygtady.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Eýranyň agzy bir we imanly milleti mydama duşmanlaryň garşysynda durandyr we bu yhlady her günde Eýran milletiniň ýäkän-ýekaninde görse bolýandyr diýip nygtady.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda duşmanlaryň pitneleri ilata kynçylyklary döredip olary basyşda goýandyr diýmek bilen bu basyşlar ilaty ýykyp başarmaz we kynçylyklara garamazdan Eýran milleti hiç haçan başyny egmezdiýip nygtap geçdi.