Eýran Yslam Hyzmatdaşlyk Guramanyň boluşyna tankyt bildirdi
Eýranyň daşary işler ministrniň hukuk we halkara işler boýunça orunbasary Golamhoseýin Dehgani Yslam Hyzmatdaşlyk Guramanyň parh goýmalaryna tankyt bildirip bu gurama agza ýurtlary hileleriň garşysynda hüşgärlige çagyrdy.
Eýranyň daşary işler ministrniň hukuk we halkara işler boýunça orunbasary Golamhoseýin Dehgani öten agşam Tehranda musulman ýurtlaryň ilçileriniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramanyň başlyklar maslahatynyň Saud Arabystanda geçirilmegine yşarat edip Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy yslam ymmatynyň agzybirligini we jebisligini ýokary galdyrmak ugurda tagalla edýän gurama bolmalydyr we bu guramanyň maslahatlary agzy alalygyň we duşmançylygyň mekany bolmaly däldir diýip beýan etdi.
Dehgani şeýle-de Palestina meselesini Yslam Hyzmatdaşlyk Guramanyň üns berýän birinji meselesi hasaplamak bilen durmuşda Aziýanyň günbatarynda Amerika we Sionist režiminiň sebitde musulman ýurtlaryň arasynda agzalalyk döretmek ugurda tagalla edýän mahallary Yslam Hyzmatdaşlyk Guramanyň agzalarynyň ünsini Palestina meselesinden başga ugurlara gönükdirmek üçin bolýan her bir hereketiň Amerika we Sionist režimine hyzmat etmek manysynda boljakdygyny aýtdy.