Ruhani:Amerika döwletiniň Eýran milletine garşy işleri adamzada garşy jenaýatdyr
Eýranyň döwlet baştutany Amerika döwletiniň Eýran milletine garşy ýola berýän işlerini adamzada garşy bolan jenaýat bilmek bilen Amerika döwleti Eýranyň döwleti bilen dälde eýsem 82 million Eýranly bilen duşmançylyk edýändir diýdi.
prezident Hasan Ruhani öten agşam Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň ydary geňeşinde beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren bikanun gadaganlyklaryna yşarat etmek bilen Amerika bu gadaganlyklardan aýry hatda Eýrana dewa dermanyň iberilmegine hem böwet döredip durandyr diýdi.
Eýranyň prezidenti garaşsyzlygyň,hyzzatyň we yslam dininiň bir nusgasy höküminde Eýran Yslam Respublika düzgüni Amerika döwletiniň garşysynda berk durandyr diýmek bilen Eýranlylar hiç haçan zora boýun egen däldirler diýip nygtady.
Eýran özüniň nebitini satar we başýokarlylyk bilen hem Amerikanyň gadaganlyklaryny arka atar diýip prezident Ruhani aýtdy.
Amerika döwleti geçen ýylyň Maý aýynda ýadro ylalaşygyndan çykyp özüniň Eýrana garşy gadaganlyklaryny gaýtadan ýola berip başlady.Amerikanyň bu işi halkara derejesinde köp tersleşmelere gabat geldi.