Mowahedi kermani:Horramşäher Eýran milletiniň çydamynyň simwolydyr
(last modified Fri, 24 May 2019 13:27:15 GMT )
May 24, 2019 18:27 Asia/Ashgabat
  • Mowahedi kermani:Horramşäher Eýran milletiniň çydamynyň simwolydyr

Tehranyň juma namazynyň hatyby Eýranyň Horramşäheriniň duşmanyň elinden azat edilmeginiň ýyl dönümini gutlamak bilen bu şäheri Eýran ilatynyň gaýratynyň, batyrlygynyň, çydamlylygynyň we imanynyň simwoly bildi.

şu gün 24-nji Maý bilen barabar gelýän Hordad aýynyň 3-nji güni Horramşäheriň 578 gün Yragyň bääs režiminiň eline düşmeginden soň 1982-nji ýylda azat edilmeginiň ýyl dönümidir.

Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatollah MuhammetAli Mowahedi Kermani Horramşäheriň duşmanyň elinden azat etmekde Eýranly göreşjeňleriň özlerinden görkezen edermenlikleri dünýäniň harby iş ekspertlerini haýranlar galdyrandyr diýip ynam bildirdi.

Aýatollah Mowahedi Kermani şeýle-de remezan aýyň iň soňky güni bolan Kudusyň bütin dünýä gününiň golaýlamagyna yşarat edip bütin dünýä Kudus güni musulmanlaryň deslapky kyblasy bolan BeýtolMukaddesi goramakda gan beren Palestinanyň mazlum milletine hemaýat berilmegiň güni,yslam ymmatynyň jebislik namazynyň we eradasynyň günidir diýip nygtady.

her ýylyň mübärek oraza aýynyň iň soňky ana güni Ymam Homeýni(rh) hezretleriniň çäre görüjiligi bilen bütin dünýä Kudus güni diýilip atlandyryldy.