Ruhani:Eýran Amerika garşy göreşde hökman ýeňiş gazanar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5291-ruhani_eýran_amerika_garşy_göreşde_hökman_ýeňiş_gazanar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öten agşam habarçylaryň we media wekilleriň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň berýän ykdysady we syýasy basyşlaryna yşarat edip Eýran milleti bu basyşlara hergiz boýun egen däldir we egip hem ýörmezler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 26, 2019 12:34 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran Amerika garşy göreşde hökman ýeňiş gazanar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öten agşam habarçylaryň we media wekilleriň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň berýän ykdysady we syýasy basyşlaryna yşarat edip Eýran milleti bu basyşlara hergiz boýun egen däldir we egip hem ýörmezler diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerika Eýran milletini dyza çökertip bilmez diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy Amerika garşy göreşde hökman üstünlik gazanjakdyr diýip yglan etdi.

prezident Ruhani Amerika döwletiniň bikanun suratda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagyna yşarat edip bu günki gün bütin dünýä ýurtlary we halkara guramalary Amerikany bu meselede ýazgarýandyrlar diýip nygtady.

Amerika döwleti ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan bir taraplaýyn kenara çekilmeginden soň Eýranyň tersine täze gadaganlyklary we basyşlary ýola berip başlady.