Eýranyň mejlis wekilleri:Sionist režiminiň ýok olmagy golaýlandyr
Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň wekilleri bütin dünýä Kudus gününiň öň ýanynda çykaran beýannamalarynda Sionist režimiň ömri gutaryp barýandyr we bu režimiň ýok bolmagy golaýlandyr diýip nygtadylar.
Eýranyň mejlis wekilleri şu gün çykaran ýaňky beýannamalarynda Sionist režiminiň Palestinalylaryň tersine ýola berýän jenaýatlaryny ýazgaryp bu günki gün çydam toplumy her bir zamana görä has kuwwatlanandyr we bu toplum Sionist režiminiň şum köküni guradar diýip yglan etdiler.
Asryň söwdasy atly taslama,Amerikanyň ilçihanasynyň Kudusa geçirilmegi,Gallant beýiklikleriň eýeçiliginiň Ysraýyl režimine geçirilmegini Amerika döwletiniň ykrar etmegi şeýle-de Yslam Ynkylabynyň Pasdarlar Sepah güýjüniň Amerika tarapyndan terrorçy güýç diýilip tanadylmagy bu zatlaryň hemmesi duşmana netije bermejek bihuda hereketler diýilip bu beýannamanyň dowamynda getirilýär.