Larijani Amerikanyň asryň söwdasy atly taslamasyny ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5293-larijani_amerikanyň_asryň_söwdasy_atly_taslamasyny_ýazgardy
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani asryň söwdasy ady bilen Amerikanyň ileri süren Sionistik taslamany dönüklikli taslama bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 26, 2019 13:31 Asia/Ashgabat
  • Larijani Amerikanyň asryň söwdasy atly taslamasyny ýazgardy

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani asryň söwdasy ady bilen Amerikanyň ileri süren Sionistik taslamany dönüklikli taslama bildi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ali Larijani Kudusyň jahanlyk gününe yşarat etmek bilen häzirki ýagdaýda imperýalizm tarapyndan şeýtanlykly taslamalar ýola berilip durandyr oňa görä hemmeler hüşgär bolmalydyrlar diýip beýan etdi.

Palestinalylaryň tersine Bahreýnde geçiriljek maslahat bu maslahata gatnaşýan ýurtlar üçin bir gara menek bolup galar diýip Larijani aýtdy.

asryň söwdasy diýen taslamanyň çarçuwasynda ýerine ýetirilýän Bahreýniň maslahaty Iýun aýyň 25-26-nji günleri geçiriljekdir.

Kudusyň jahanlyk gününiň ýol ýöreşinde dünýäniň erkin talap ynsanlary ezijileriň Palestina milletiniň tersine ýola berýän jenaýatlaryna berk jogaby bererler diýip Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sözlerine goşdy.