Zarifyň Yrak resmileri bilen duşuşygy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif özüniň Yraga gurnan saparynda bu ýurduň premýer ministri bilen duşuşyp gürrüň etdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Yragyň premýer ministri Adel Abdolmehdi Bagdatda geçiren duşuşyklarynda iki taraplaýyn,sebitleýin we halkara meseleler hakynda pikir alyşyp berişdiler.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýokary derejeli bir syýasy topara baştutanlyk edip düýn ikindin iki günlük saparyň galybynda Yraga bardy.
Zarif şeýle-de öten agşam Yragyň prezidenti Barham Salih bilen hem duşuşdy.bu duşuşykda taraplar Eýran bilen Yragyň arasyndaky arkalaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Tehran Bagdat bilen saklaýan arkalaşyklaryny bütin ugurlarda ösdürmegiň yzyndadyr diýip bu duşuşykda Zarif aýtdy.Zarif bu duşuşykda şeýle-de Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň resmi çakylyk hatyny Yragyň prezidenti Barham Saliha gowşurdy.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Yrak saparynyň dowamynda şu gün bu ýurduň daşary işler ministri Muhammetali Al-Hakim hemde mejlis başlygy Muhammet Al-Halbusy bilen hem duşuşdy.