Musawi:Asryň söwdasy atly taslamanyň soňy bolmaz
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi bütin dünýä Kudus gününiň öňi syrasynda Amerikanyň Sionistik Asryň söwdasy atly taslamasy barada beren gürrüňlerinde çaklamalar boýunça bu taslama hökman netijesiz bolar şondan gelende bu barada hüşgär bolmalydyrys diýip beýan etdi.
Yslam dünýäsiniň jiger güşesi bolan Palestina meselesi sebitiň kä ýurtlarynyň hoş hyýalda bolmaklary we Amerikanyň iş bozarlyklary sebäpli çözülmän durandyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi aýtdy.
Musawi şeýle-de Kudus we Palestina meselesini yslam dünýäsiniň iň möhüm meselesi bilmek bilen üstümizdäki ýylyň Kudus gününde dünýäniň erkin talap ynsanlary Kudusyň azatlygyny perýat ederler diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Homeýni(rh)yň başlangyjy bilen mübärek oraza aýynyň soňky ana güni bütin dünýä Kudus güni diýilip atlandyryldy.