bütin dünýä Kudus güni mynasybetli ýolbaşçylygyň hobralar mejlisi beýannama çykardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5300-bütin_dünýä_kudus_güni_mynasybetli_ýolbaşçylygyň_hobralar_mejlisi_beýannama_çykardy
ýolbaşçylygyň hobralar mejlisi bütin dünýä Kudus gününiň öň ýanynda çykaran beýannamasynda asryň söwdasy ady bilen Amerikanyň öňe süren taslamasyny ýazgaryp Eýran milletinden Kudus gününiň ýol ýöreşine hujuly gatnaşmaklaryny isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 28, 2019 13:37 Asia/Ashgabat
  • bütin dünýä Kudus güni mynasybetli ýolbaşçylygyň hobralar mejlisi beýannama çykardy

ýolbaşçylygyň hobralar mejlisi bütin dünýä Kudus gününiň öň ýanynda çykaran beýannamasynda asryň söwdasy ady bilen Amerikanyň öňe süren taslamasyny ýazgaryp Eýran milletinden Kudus gününiň ýol ýöreşine hujuly gatnaşmaklaryny isledi.

Ymam Homeýni(rh) hezretleriň parasatlylygy bilen bütin dünýä Kudus gününi bellemegiň üstünden  takmynan 40 ýylyň geçýän ýagdaýynda indi hiç bir azada ynsana Ysraýyl režiminiň Palestinanyň mazlum ilatynyň hakynda ýola berýän jenaýatlary we halkara terrorizme berýän goldawlary basyrgyly däldir şonuň üçin hem durmuşda Palestinanyň musulman ilatynyň hak hukukyna goldaw bermeklik bir jahanlyk islege öwrülip durandyr diýilip bu beýannamanyň dowamynda getirilýär.

Palestina milletiniň aýratynda ýaşlarynyň çydamy iň soňda bir gün mübärek oraza aýynyň iň soňky gününde netije ýeter we Kudusy basyp alan Sionist režimi ýok eder diýip bütin dünýä Kudus gününiň bosagasynda ýolbaşçylygyň hobralar mejlisi yglan etdi.

soňky habarlara görä,üstmizdäki ýylyň bütin dünýä Kudus gününiň ýol ýöreşleri Eýranyň 950 şäherinde geçirilip daşary ýurtly 250 žurnalist ýol ýöreşiň habarlaryny ýaýratjakdyrlar.