mertebesi belent ýolbaşçy:Palestina ilatyndan arka çykmaklyk dini we ynsany wezipedir
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy ýokary okuw jaýlaryň ussatlarynyň we mugallymlarynyň müňlerçesiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Palestina milletinden arka çykmaklygy dini we ynsanlyk taýdan möhüm bilmek bilen Amerikanyň yzyna düşýän kä taraplar asryň söwdasy diýen taslamany başgalara kabul etdirjek bolup tagalla edýändirler emma Amerika we onuň ýaranlary bu meselede hökman şowsuzlyga uçrajakdyrlar diýip nygtadylar.
orny belent ýolbaşçynyň gullugyna degişli maglumat ýetiriş merkeziniň beren habaryna görä,Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy geçen ýyllara görä üstümizdäki ýylyň bütin dünýä Kudus gününiň ýol ýöreşleriniň möhümräkdigini nygtamak bilen Amerika bilen onuň sebitdäki ýörtewilleriniň asryň söwdasy atly taslamany hemmelere kabul etdirmek ugurda alyp barýan dönükli işleri üçin üstümizdäki ýylyň Kudus gününiň ýol ýöreşler geçen ýyllara görä iki esse möhümräkdir diýip beýan etdiler.
Eýranyň beýik lideri şeýle-de geçmişe görä Palestina meselesiniň häzirki ýagdaýnyň tapawutyny Palestina meselesini aradan aýyrmak ugurda Amerika bilen onuň ýaranlarynyň açaçan dile getirýän ybaratlarynyň üýtgemegi bilmek bilen şonuň üçin hem umum ilatyň gatnaşmaklarynda geçirilýän bütin dünýä Kudus gününiň ýol ýöreşleri üstümizdäki ýylda möhümräkdir diýip nygtadylar.
Aýatollah Hameneýi hezretleri sözleriniň dowamynda Eýranyň Amerika bilen söhbetdeş bolmagy barada daşary ýurtlaryň medialarynyň ýaýratýan ýaýradyşlaryna yşarat etmek bilen olaryň bu ýaýradyşlardan bolan maksatlary Eýrany Amerika bilen söhbetdeşlige mejbur etmeklikdir olar Eýran söhbetdeşlik stolyň başyna dolanyp Amerika bilen gepleşmelidir diýip aýdýarlar emma biziň Amerikadan başga ýurtlar bilen kynçylygymyz ýokdyr diýip beýan etdiler.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy söhbetdeşlikde üns bermeli asly mesele söhbetdeşligiň mazmunyny belli etmeklikdir diýmek bilen biz her bir mesele barada gepleşik geçirmeris we ynkylabyň namysy hasaplanýan ysasy meseleler barada şol sanda ýurduň goranyş ukyby barada gepleşik geçirmeris we bu meseleler gepleşigiň mazmuny bolup bilmez diýip sözlerine goşdy.
Aýatollah Hameneýi hezretleri sözleriniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy asla Amerika bilen gepleşik geçirmez diýmek bilen ozal hem aýdyşymyz ýaly Amerika bilen gepleşik geçirmeklik birinjiden peýdaly däldir ikinjiden zyýany hem bardyr diýip ynam bildirdiler.