Eýranyň daşary işler ministrligi:Palestina meselesi Yslam dünýäsiniň birinji meselesidir
Eýranyň daşary işler ministrligi şu gün bütin dünýä Kudus gününiň öň syrasynda çykaran beýannama Palestina meselesini Yslam dünýäsiniň birinji we ysasy meselesi bilmek bilen bütin dünýä Kudus güni Palestina milletiniň 70 ýyllap basyp alyjy Sionist režimiň el gatyjylyklarynyň garşysynda mazlumlygynyň tomaşa goýulýan günidir diýip beýan etdi.
Sionist režimi özüniň garanky taryhynyň boýunda Palestinanyň mazlum ilatynyň garşysynda köp jenaýatlara we gyrana berijiliklere baş goşup müňlerçe Palestinalyny gyrana berip müňlerçe çagany ýetim edendir we müňlerçe adamy hem türmä basyp olara köp azarlary berendir diýilip bu beýannamada getirilýär.
Eýranyň daşary işler ministrligi Sionist režiminiň garşysynda musulman döwletleri we milletleri agzybirlige çagyryp musulmanlar yslam ymmatynyň arasynda agzalalyk döretmekçi bolýan hem-de Palestina meselesini yslam dünýäsiniň birinji meselesi höküminde bolmakly unutdurmak ugurda tagalla edýän Sionist režimiň we ýaranlarynyň mekirli hereketleriniň garşysynda berk durmalydyrlar diýip yglan etdi.
Palestina meselesi yslam dünýäsiniň birinji meselesidir we sebitde parahatçylyk we durnuklylyk diňe Palestina milletiniň hak hukukynyň kämil ödelmegi bilen berkarar boljakdyr diýilip beýannamanyň dowamynda getirilýär.