Ruhani: asyryň söwdasy, Palestinanyň arzyly maksatlaryny ýok etmek ugrundaky hiledir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani asyryň söwdasy adyndaky taslama Palestinanyň arzyly maksatlarynyň ýok edilmegi, sionistleriň basybalyjylyklarynyň ösmegi we bütin musulman ýurtlara el gatylmagy ugrundaky hiledir diýdi.
şu hün prezident Hasan Ruhani yslam hyzmatdaşlyk guramanyň Mekge şäherinde geçiren maslahatyna goşulan musulman ýurtlaryň başlyklaryna sargyt berip , olary , Kudusiň , musulman ýurtlaryň ilkinji kyblasy höküminde galmagy ugrunda tagalla etmeklige çagyryp , musulman ýurtlaryň başlyklary bu pursatdan asyryň söwdasy adyndaky howply hilä garşy göreşmekleri we Palestinany goramaklary ugrunda haýyrlanmalydyrlar diýdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda kudusy sinist režimiň paýtagty adynda ykrar etmegi baradaky Amerikanyň tutan tutumy hemde Siriýanyň Golan beýikliklerini sionist režimine bagyşlamak baradaky Amerikanyň bikanun hereketini ýazgarmak bilen bu hereketler Yslam dünýäsine garşy howply akymyň başlangyjydyr diiýp nygtap geçdi.