Ruhani: Eýran, hiç haçan zor aýdyjy gudratlara boýun bolmaz
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şenbe gijesi Eýran Yslam respublikasy hiç haçan zor aýdyjy we artykmaç isleýji gudratlara boýun bolmaz diýmek bilen Eýran milleti sylagy bilýän tarap bilen gepleşikler stolyň başynda oturýandyr we gepleşige höküm edýän tarapy äsgerýan däldir diýip nygtady.
prezident Hasan Ruhani Eýranyň milli türgenleri we gahrymanlary bilen geçiren duşuşygynda Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryna we basyşlaryna yşaratedip Amerikalylar nädogry hasabatlar esasynda birnäçe aýyň dowamynda Eýran milletini dyza çökerdip başarmyka diýip güman edýärdiler emma Eýran milleti durumlylyk, çydamlylyk bilen duşmany ädim- ädim yza serpendir diýip beýan etdi.
Amerika Eýranyň ýeňip başarmaz we duşmana garşy göreş meýdanynda ýeňiş gazanjak tarapyň Eýrandygyna şek-şübhe ýokdyr diýip Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani nygtap geçdi.