prezident Ruhani:söhbetdeşlik stolyň başyndan turan tarapyň özi ýagdaýy normallaşdyrmalydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5327-prezident_ruhani_söhbetdeşlik_stolyň_başyndan_turan_tarapyň_özi_ýagdaýy_normallaşdyrmalydyr
Eýranyň döwlet baştutany öten agşam Waşington döwletiniň şert etmezden Eýran bilen söhbetdeş bolmaga taýýarlygy barada Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeonyň aýdan gürrüňleriniň gaýtawulynda söhbetdeşlik stolyň başyndan turup eden ähdinden gaýdan tarapyň özi ýagdaýy normallaşdyrmalydyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 03, 2019 14:26 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani:söhbetdeşlik stolyň başyndan turan tarapyň özi ýagdaýy normallaşdyrmalydyr

Eýranyň döwlet baştutany öten agşam Waşington döwletiniň şert etmezden Eýran bilen söhbetdeş bolmaga taýýarlygy barada Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeonyň aýdan gürrüňleriniň gaýtawulynda söhbetdeşlik stolyň başyndan turup eden ähdinden gaýdan tarapyň özi ýagdaýy normallaşdyrmalydyr diýip nygtady.

öten agşam prezident Hasan Ruhani Eýranly lukmanlaryň we ýokary okuw jaý ussatlaryň bir topary bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerika özüniň alyp barýan ýolunyň nädogry we ýalňyşdygyny duýýança Eýran bu ýurt bilen gürrüň etmez diýip yglan etdi.

Eýran bilen söhbetdeş bolmak üçin mundan ozal 12 şerti ileri süren Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo ýekşenbe güni Şweýsariýa özüniň bu şertlerinden gaýdyp Waşington hiç bir zady şert etmezden Tehran bilen oturyşyp gürrüň etmäge taýýardyr diýip yglan etdi.elbetde ol edil şol bir wagtda hem Amerikanyň berýän basyşlarynyň dowam etjekdigini hem nygtady.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp hem özüniň Ýaponiýa saparynda özüni söhbetdeşligiň tarapdary görkezen bolup Eýranlylar söhbetdeşlige maýyl bolsalar biz hem oňa maýyldyrys diýip toslady.