Raisi:üstünligiň ýekeje ýoly çydamdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5328-raisi_üstünligiň_ýekeje_ýoly_çydamdyr
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy hojjatol yslam Seyed Ibrahim Raisi dünýä musulmanlaryň we Eýran milletiniň bütin dünýä Kudus gününiň ýol ýöreşlerinde huzurly bolup eziji gudratlary ýeňmekleri syýasy toparlaryň we musulmanlaryň çydama bir möhüm çykalga höküminde baha berýändiklerini subut edendir diýip ynam bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 03, 2019 16:02 Asia/Ashgabat
  • Raisi:üstünligiň ýekeje ýoly çydamdyr

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy hojjatol yslam Seyed Ibrahim Raisi dünýä musulmanlaryň we Eýran milletiniň bütin dünýä Kudus gününiň ýol ýöreşlerinde huzurly bolup eziji gudratlary ýeňmekleri syýasy toparlaryň we musulmanlaryň çydama bir möhüm çykalga höküminde baha berýändiklerini subut edendir diýip ynam bildirdi.

şu gün Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy hojjatol yslam Seyed Ibrahim Raisi kazyýet güýjüniň ýokary derejeli orundarlary bilen geçiren maslahatynda beren gürrüňlerinde Kudus gününiň ýol ýöreşleri ezijilere garşy göreşiň sesini bütin dünýäniň gulagyna ýetirendir diýip nygtady.

Raisi şeýle-de Amerikaly resmileriň soňky sözlerine şol sanda daşary işler ministri Mike Pompeonyň  şertsiz Eýran bilen gürrüň etmäge taýýarlyk bildirmegine yşarat edip Amerika Eýran bilen gürrüň etmek barada bize ýalbaryp durandyr diýip beýan etdi.

ol häzirki ýagdaýda Amerika Eýran bilen gepleşik geçirmäge mätäçdir diýmek bilen Amerikaly resmileriň bu meselä aýak diremekleri duşmanyň öňünde durmakda Eýran milletiniň netije gazanmagynyň ýekeje ýolunyň çydam ýolydygyny görkezýändir diýip nygtady.