mertebesi belent ýolbaşçy:asryň söwdasy atly taslamanyň soňy bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5333-mertebesi_belent_ýolbaşçy_asryň_söwdasy_atly_taslamanyň_soňy_bolmaz
Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy asryň söwdasy atly taslamanyň soňunyň bolmajakdygyny nygtamak bilen arap ýurtlardan şeýle-de Palestinaly toparlardan bu toslama bilen tersleşmeklerini islediler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 05, 2019 12:07 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy:asryň söwdasy atly taslamanyň soňy bolmaz

Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy asryň söwdasy atly taslamanyň soňunyň bolmajakdygyny nygtamak bilen arap ýurtlardan şeýle-de Palestinaly toparlardan bu toslama bilen tersleşmeklerini islediler.

şu gün Aýatollah Hameneýi hezretleri Tehranyň Ymam Homeýni(rh) adyndaky namaz okalýan jaýynda oraza baýramynyň namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde bu uly baýramyň gelip ýetmegini Eýran we bütin musulman milletlere gutlamak bilen Palestina meselesini we Amerikanyň dönüklik edip ileri süren asryň söwdasy atly taslamasynyyslam dünýäsiniň üns bermeli möhüm meselelerinden bildiler we kä musulman ýurtlaryň şol sanda Arabystan we Bahreýniň dönüklik etmekleri bu şum taslamanyň öňe sürülmegine şert döredendir diýip beýan etdiler.

Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şeýle-de Bahreýnde asryň söwdasy atly taslamanyň ykdysady maslahatyna gonakdar bolmagyna yşarat edip bu maslahat Amerikalylara degişli ýeri ýokdyr emma Bahreýniň häkimleri özleriniň yslama we ilata garşy boluşlary bilen bu maslahata ýerligi taýýarlap gonakdar boldylar we Bahreýn hem-de Arabystanyň häkimleri haýsy batgalyga gadam goýýandyklaryny bilmelidirler diýip nygtadylar.

Aýatollah Hameneýi hezretleri  Kudus gününiň ýol ýöreşlerine Eýran milletiniň ýaýbaň suratda gatnaşmaklary üçin olardan gadyrdanlyk etmek bilen ilatyň bu uly hereketi ýaýbaň suratda gatnaşmaklary Eýran milletiniň duşmanlaryň edýän gümanlarynyň dogury çykmazlygyna sebäpkärdir diýip beýan etdiler.